Seresap Boluň - Philips AVENT SCF291 User Manual

Hide thumbs Also See for AVENT SCF291:
Table of Contents

Advertisement

Available languages
  • EN

Available languages

  • ENGLISH, page 1
- Enjam işleýän wagty örän gyzgyn bolýar we oňa degilse,
ýanyklara sebäp bolup bilýär�
- Gapakdaky agyzdan çykýan gyzgyn bugdan ýa-da gapagy
aýranyňyzda çykýan bugdan ägä boluň. Bug ýanyklara sebäp
bolup bilýär�
- Enjam işläp durka ýa-da işläniniň yzysüre onuň esasyny,
sebetleri ýa-da gapagy ellemäň, sebäbi olar örän gyzgyn
bolýar. Diňe tutawajyndan tutmak arkaly ýokary galdyryň.
- Enjam işläp durka ýa-da onuň içindäki suw henizem gyzgyn
wagty enjamy süýşürmäň ýa-da açmaň.
- Enjam işläp durka onuň üstünde hiç zat goýmaň.
- Diňe hiç hili goşundysyz suwy ulanyň.
- Enjamyň içine agardyjy ýa-da başga himiklatlary salmaň.
- Suw gabyna bellenilen çäkden ýa-da 130 ml-den artyk suw
guýmaň.
- Diňe bäbekleriň çüýşelerini we bu enjama degişli beýleki
zatlary sterilizasiýa ediň. Sterilizlemek isleýän zatlaryňyzyň bu
enjama laýyk gelýändigini anyklamak üçin, ulanyjy
gollanmasyny barlaň.
- Işi duruzmak isleseňiz, enjamy öçürmek üçin öçüriş düwmesini
basyň.
- Enjam diňe öý şertlerinde ulanylmaga niýetlenilýär.
- Şikes ýetmäniň öňüni almak üçin enjamy niýetlenilýän
ulanyşyndan başga maksatlar üçin ulanmaň.
Seresap boluň
- Beýleki öndürijilerden alnan ýa-da Philips tarapyndan ýörite
maslahat berilmeýän aksessuarlary ýa-da şaýlary hiç haçan
ulanmaň. Şeýle aksessuarlary ýa-da şaýlary ulanan halatyňyzda
size berlen kepilligiň güýji ýitýär.
- Enjamy çendenaşa gyzgyna ýa-da günüň göni düşýän
şöhlesine sezewar etmäň.
- Enjamy süýşürmezden ýa-da saklamazdan ozal elmydama
sowamagyna maý beriň.
- Ulanylýan wagty elýeter ýüzleri gyzgyn bolup biler.
- Türkmençe 131 -

Advertisement

Table of Contents
loading

Table of Contents